Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşar

23:4514.03.2025
0
11712

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurtda gazanylýan ösüşler we ýetilen belent sepgitler giňden beýan ediler.

Wise-premýer Türkmenistanyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirilmegi teklip edilýän çäreleriň sanawynyň işlenip taýýarlanylandygyny aýtdy we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutany Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady we bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýer N.Atagulyýewe degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň