Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanda atlaryň täze tohumyny döredýärler

18:1514.03.2025
0
3642
Gazagystanda atlaryň täze tohumyny döredýärler
Surat: Sputnik.kz

Gazagystanyň Abaý oblastynda atlaryň zawod görnüşiniň tohumyny döretmek ugrunda iş alyp barýarlar diýip, «Sputnik.kz» neşiri habar berdi.

Häzirki wagtda ýerli akbaş at tohumynyň esasynda sebitiň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan atlaryň täze görnüşini döretmek ugrunda ylmy işler dowam etdirilýär.

«Beskaragaý» diýen täze at tohumynyň sebitde 2022-nji ýylda alnandygy aýdylýar. Olar islendik howa şertlerine ýokary çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Atlar et-süýt ugurlydyr. Olaryň agramy 700-600 kilogram aralygynda bolup, münmek, ýük daşamak üçin ulanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň