Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

23:4014.03.2025
0
1535

Türkmenistanyň ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberiler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

Wise-premýer türkmen ýaşlarynyň dostlukly ýurduň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça iberilmeginiň maksadalaýyk hasaplanylýandygyny aýtdy we döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýaşlaryň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, munuň milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň