Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» «Miles&Smiles» programmasynyň on şähere uçýan gatnaşyjylary üçin milleri iki esse artdyrýar

15:1314.03.2025
0
5189

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy «Miles&Smiles» loýallyk programmasyna gatnaşyjylar üçin täze aksiýany ýola goýdy. Onuň çäklerinde ýolagçylar Stambul şäherine howa gatnawyny amala aşyran ýagdaýlarynda iki esse köp mil toplap bilerler.

Bu ýörite teklip Aşgabat, Bamako, Dubaý, Mançester, Mehiko, Osaka, Santýago, Şanhaý, Sidneý hem-de Tallinn ýaly on şäherden Stambula howa gatnawy bilmek gelmek üçin petek alnanda ýetirilýär.

Aksiýadaky awiapetekleri 15-nji martdan — 25-nji marta çenli aralykda satyn alyp bolýar we howa gatnawy 15-nji martdan — 15-nji aprele çenli aralykda amala aşyrylýar.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň wekilleri şeýle aksiýalaryň şäherleriň täzelenen sanawy bilen her aýda geçiriljekdigini bellediler. Iki esse köp mili gazanmak üçin bolsa ýolagçylar uçuş başlamazdan ozal, «Miles & Smiles» hasabynda hasaba durmalydyrlar. Sowgatlyk berilýän miller uçuş gutarandan soň bir hepdäniň dowamynda agzanyň hasabyna ýazylar.

Awiakompaniýa köpçülikleýin, toparlaýyn hem-de ýörite ýolagçylar üçin niýetlenen awiapetekleriň (deňiz, kruiz, talyp/ýaşlar, lukmançylyk we beýlekiler) aksiýa girmeýändigini düşündirýär.

Teklipden peýdalanmak isleýän Türkmenistanyň ýaşaýjylary şu salgy boýunça «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutup bilerler: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň