Türkmenistanyň tennis boýunça ýygyndysy Türkiýäniň Manawgat şäherinde geçirilen abraýly ITF Master's World Team Championship dünýä çempionaty ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Milli ýygyndymyz 30+ ýaş derejesinde çykyş etmek bilen, dünýäniň iň güýçli 12 toparynyň bäsleşýän ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bu ýaryşda Türkmenistana ýurdumyzyň birinji raketkasy Ýuriý Rogusskiý, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň kubogynyň bürünç medalyna eýe bolan Gurbanberdi Gurbanberdiýew, şeýle hem 2013-nji ýylda Aziýa we Okeaniýa zolagynyň IV toparynda Dewisiň kubogynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň ozalky birinji raketkalary Aleksandr Ärnepesow we Eziz Döwletow dagy wekilçilik etdiler. Ýygyndynyň kapitany Mirali Gasanow bolup, ol ýurdumyzyň erkekler ýygyndysynyň baş tälimçisidir we Türkmenistanda PRO Level derejesiniň şahadatnamasyna eýe bolan ýeke-täk tälimçidir.
Toparçadaky tapgyrda türkmen ýygyndysy Beýik Britaniýanyň toparyndan 0:3 hasaby bilen utuldy, emma çärýek finala çykmak üçin aýgytlaýjy oýunda Kanadanyň toparyndan möhüm ýeňiş gazanmagy başardy.
Ýekelikdäki ilkinji oýunda Aleksandr Ärnepesow Jabril Kablini 7:5, 6:3 hasaby bilen ýeňdi, ýöne ikinji oýunda kanadaly Nikolas Winsent Ýuriý Rogusskiden üstün çykdy - 7:6, 6:2. Çärýek finala çykmagyň ýollanmasynyň ykbaly jübüt duşuşykda çözüldi, onda Ärnepesow bilen Rogusskiýniň jübüti Kabli bilen Winsentden ýeňiş gazandy – 6:4, 7:6 (4).
Dünýäniň ilkinji sekiz ýygyndysynyň ýaryşynyň tapgyryna çykmak, esasanam bu toparyň şu ýaryşda ilkinji çykyşydygyny göz öňünde tutup, munuň türkmen tennisçileri üçin taryhy üstünlik bolandygy bellenmäge mynasypdyr.
Çärýek finalda türkmen tennisçileri Hindistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Ýarym finala çykmak üçin galan oýunlar Argentina bilen Şwesiýanyň, Germaniýa bilen Türkiýäniň, ABŞ bilen Beýik Britaniýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.