Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew Minskde daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary üçin guralan işewür çärä gatnaşdy. Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Milli marketing merkezinde geçirilen forum Belarus bilen hyzmatdaş ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegi üçin möhüm meýdança boldy. Bu barada Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasy habar berdi.
10-njy martda geçirilen foruma Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryjenkow, hukuk we maýa goýum ugurlaryndaky esasy edaralaryň wekilleri, şeýle-de Belarusda akkreditirlenen 40-dan gowrak diplomatik wekilhananyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu forum halkara jemgyýetçiliginiň ýurduň ykdysady mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Forumyň esasy mowzugy 2025-nji ýylda Belarusda iş alyp barmagyň aýratynlyklary bilen bagly boldy. Maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek mümkinçiliklerine, maýa goýum infrastrukturasyna, daşary ýurtly maýadarlar üçin berilýän ýeňilliklere, şeýle-de maýa goýum işi bilen baglanyşykly hukuk meselelerine aýratyn üns berildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň ilçisi Nazarguly Şagulyýew Milli marketing merkeziniň direktory Nikolay Borisewiç bilen duşuşdy. Ol merkeziň işi barada giňişleýin maglumat berip, onuň Belarusda eksporty goldaýan öňdebaryjy milli edaralaryň biri hökmündäki möhüm ornuny belledi. Merkez daşary ykdysady işiň ösdürilmegi üçin giň gerimli hyzmatlary hödürleýär we 120-den gowrak ýokary derejeli hünärmenlerden ybarat topar bilen işleýär. Şeýle-de Milli marketing merkeziniň Belarusyň söwda-ykdysady syýasatynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýandygy we 70-den gowrak daşary ýurt bilen hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň bardygy nygtaldy.
N.Borisewiç Milli marketing merkeziniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, geljegi uly bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge we tejribe alyşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Ilçi N.Şagulyýew Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasyny tassyklady.