Bije çekmeleriň netijeleri boýunça 2024/2025 UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň futbol möwsüminiň ähli çärýek final jübütleri kesgitlenildi.
Çärýek final tapgyrynyň ilkinji oýunlary 8-nji we 9-njy aprelde, jogap oýunlary 15-nji we 16-njy aprelde geçiriler.
Ýaryşyň häzirki çempiony, geçen möwsüm bu kubogy 15-nji gezek gazanmagy başaran Madridiň «Real» kluby Londonyň «Arsenalyny» kabul eder. Bu jübütiň ýeňijisi «Pari Sen Žermen» bilen «Aston Willanyň» arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan klub bilen ýarym finalda duşuşar.
Geçen ýyl final oýnuna çykan Dortmundyň «Borussiýa» kluby «Barselona» bilen oýnar. Bu jübütiň ýeňijisi ýarym finalda Münheniň «Bawariýasy» bilen Milanyň «Inter» klubynyň arasyndaky duşuşykda has güýçli bolup çykan topara garşy oýnar.
Çempionlar ligasynyň 1/4 finaly:
«Arsenal» (Angliýa) – «Real» (Ispaniýa)
«Pari Sen-Žermen» (Fransiýa) – «Aston Willa» (Angliýa)
«Barselona» (Ispaniýa) – «Borussiýa» (Dortmund, Germaniýa)
«Bawariýa» (Germaniýa) – «Inter» (Italiýa)