Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Bäherdende açylan keramiki önümler kärhanasyna iki sany halkara şahadatnama berildi

12:1313.03.2025
0
2055
Bäherdende açylan keramiki önümler kärhanasyna iki sany halkara şahadatnama berildi
Surat: THP

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 12-nji martda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň barşynda ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.


Suratlar: THP

Belläp geçsek, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenendir. Ol birnäçe binadan we desgadan ybarat bolup, kärhanada 460-a golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik, durmuş şertleri döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň