Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bäherden keramiki-bezeg plitalaryny öndürýän kärhana açyldy

12:3812.03.2025
0
7681

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän «Bäherden» kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada HHM habar berdi.

Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny barada Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow maglumat beripdi.

Ozal habar berlişi ýaly, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürmäge ukyplydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň