Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:5912.03.2025
0
13468

Ýewropa Bileleşiginiň komissary Sikela sapar bilen Türkmenistana geler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Belarusyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy mart aýynda Delä goşmaça uçuşlary ýola goýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Ýewropa Bileleşiginiň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýozef Sikela 12 — 18-nji mart aralygynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna sapar amala aşyrar. Saparlar Türkmenistandan başlar. Bu saparyň esasy maksady 3-4-nji aprelde Özbegistanda geçiriljek ÝB - Merkezi Aziýa sammitiniň öňüsyrasynda ÝB bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

https://turkmenportal.com/blog/88823/evrokomissar-sikela-posetit-s-vizitom-turkmenistan

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Belarus Respublikasynyň Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň çäklerinde netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler. Diplomatlar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň ygrarlylygyny nygtadylar.

https://turkmenportal.com/blog/88830/v-mid-turkmenistana-proshla-vstrecha-s-poslom-belarusi

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Deli — Aşgabat ugry boýunça goşmaça gatnawlaryň ýola goýlandygyny mälim etdi. Awiakompaniýanyň habaryna laýyklykda, goşmaça uçuşlar şenbe günleri 15 — 29-njy mart aralygynda amala aşyrylar.

https://turkmenportal.com/blog/88815/aviakompaniya-turkmenistan-vvodit-dopolnitelnye-reisy-v-deli-v-marte

4. Awazada söwda, ulag we maglumat alyş-çalyş ulgamlarynda mümkinçilikleri giňeltmek üçin amallary ýönekeýleşdirmek boýunça 18-nji halkara okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahaty BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy we BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy tarapyndan guraldy. Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar Hytaýyň, Gazagystanyň, Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň üstünden geçýän we soňrä Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna uzaýan Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäginde ýük daşamalary barada maglumat alyşmagy maslahatlaşdylar.

https://turkmenportal.com/blog/88840/v-avaze-proshel-mezhdunarodnyi-seminar-po-rasshireniyu-vozmozhnostei-v-transporte-i-torgovle

5. Aşgabatda 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň geçirilmegine taýýarlyk görülýär. Foruma 20-den gowrak ýurtdan 300 töweregi wekil gatnaşar. Türkmenistanda öňdebaryjy elektronika we elektrik enjamlaryny öndüriji «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti forumyň baş hyzmatdaşlarynyň biri bolar. 2015-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýa importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ýöriteleşendir we hödürlenýän önümleriniň görnüşlerini yzygiderli artdyrýar.

https://turkmenportal.com/blog/88814/aydyn-gijeler-vystupit-generalnym-partnerom-mezhdunarodnogo-investicionnogo-foruma-v-turkmenistane

Dünýäde

1. Hindistanyň Kerala ştatynda her ýylky «Paripalli Gajamela» festiwaly geçirildi, onuň dowamynda dürli lybaslar bilen bezelen onlarça pil şäherleriň köçelerinden surnaýlaryň we deprekleriň sazy astynda ýöräp geçdi. Owadan esbaplar we jaňjagazlar bilen bezelen elliden gowrak pil dabaraly ýörişiň esasy bezegine öwrüldi. Ýörişe milli aýdymlary we sazlary ýerine ýetirýän ýüzlerçe sazanda gatnaşdy, şeýle hem tansly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Köp asyrlyk däp-dessurlaryň bir bölegi hökmünde geçirilýän bu hindi festiwaly çuňňur simwoliki ähmiýete eýe. Ganeşa hudaýynyň keşbi hökmünde hormatlanýan piller bolçulyk we abadançylyk getirýär diýlip hasaplanýar.

https://turkmenportal.com/blog/88805/feeriya-krasok-i-zvukov-torzhestvennoe-shestvie-slonov-v-indii

2. Ýaponiýanyň Ginan şäheriniň döwlet işgärleri kesgitlenen wagtdan bäş minut ir işe gelmäge mejbur edilenden soň 67 müň dollar öwez tölegini aldylar. Bu dawa 2021-nji ýylyň fewral aýynda başlandy, şonda ozalky şäher häkimi Hideo Kodzima üýtgeşme üçin hiç hili delil getirmezden, şäher häkimliginiň ähli işgärlerine kesgitlenen 8:30 ýerine sagat 8:25-de iş ýerine gelmegi buýurdy. Işgärler täze düzgüne nägileligini bildirdiler we goşmaça wagtyň iş wagtyndan artyk hasaplanmagyny talap etdiler. 2023-nji ýylyň dekabrynda olar Adalatly söwda geňeşine resmi şikaýat iberip, üç ýyllyk iş döwri üçin artyk iş wagtynyň öwez tölegini tölemegi talap etdiler.

https://turkmenportal.com/blog/88838/yaponskie-gossluzhashchie-poluchili-67-tysyach-kompensacii-za-to-chto-prihodili-na-rabotu-na-pyat-minut-ranshe

Sport täzelikleri

1. 12-nji martda «Arkadag» futbol kluby, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň 1/4 finalynyň jogap duşuşygynda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny kabul eder. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçiriler we ýerli wagt bilen 15:30-da başlar. Duşuşygyň öňüsyrasynda türkmen toparynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew we hüjümçi Didar Durdyýew oýundan öňki metbugat maslahatyny geçirdiler hem-de duşuşykdan garaşýan netijeleri barada aýtdylar. Annaýew toparyň ýagdaýy baradaky sowala jogap bermek bilen, oýunçylaryň taýýarlygynyň ýokary derejededigini aýtdy. Tälimçiniň bellemegine görä, oýunçylara goşmaça höweslendirme gerek däl: «Arkadag» ýaly klubda oýnamagyň özi eýýäm höweslendirme».

https://turkmenportal.com/blog/88820/arkadag-nastroen-na-pobedu-v-otvetnom-matche-14-finala-ligi-vyzova-afk

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň