Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, dabarada medeniýet we sungat işgärleri aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, hemmeleri bu günki şatlykly waka bilen gutlady hem-de täze kärhananyň kuwwaty we ähmiýeti bilen bagly maglumatlary beýan etdi.
Soňra bu ýerde ýerleşdirilen ekranda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasy bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.
Döwlet Baştutany dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi. Şol pursatda asmana dürli reňkdäki howa şarlary uçuryldy.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow kärhananyň çäginde gurlan sergi binasyna bardy we ol ýerde keramiki bezeg plitalarynyň we sanfaýans önümleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutany degişli düwmäni basyp, iri senagat desgasyny işe girizdi. Kärhananyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologiýa prosesi wideoşekillerde görkezildi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine senagat we gurluşyk toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow täze kärhananyň barlaghana otagyna bardy. Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanyny döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutany sanfaýans önümleri önümhanasyna hem bardy we ol ýerdäki önümçilik bilen tanyşdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň ýolbaşçysyna täze awtoulaglaryň we ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Soňra döwlet Baştutany dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçar meýdançasyna bardy we ol ýerden Aşgabada ugrady.