Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigine «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk fermasynyň taslamasyny düzmäge, bar bolan binalaryň durkuny täzelemäge, goşmaça binalary we desgalary gurmaga, olara häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmaga, zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, ýöriteleşdirilen awtoulaglary hem-de ýokary önüm berýän gara mallary satyn almaga ygtyýar berildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi.
Resminamada gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň mart aýynda başlamak hem-de maldarçylyk fermasyny 2026-njy ýylyň mart aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, ilatyň et, süýt önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maldarçylyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek hem-de mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.