Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ilkinji sammiti taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

18:0312.03.2025
0
6550
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ilkinji sammiti taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikela bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy şert bolup durýan öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň, hususan-da, «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ilkinji sammitiň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle-de Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmek işlerine deglip geçildi. Bu duşuşyk 12-nji martda Ýozef Sikelanyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berilýär.

Diplomatlar duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Taraplar «Türkmenistan – ÝB» bilelikdäki komitetini, Parlamentara dialogyny, Adam hukuklary boýunça dialogy we beýlekileri nazara almak bilen, bilelikdäki gurallaryň netijelidigini bellediler.

Durmuş-ykdysady ugrundaky gatnaşyklary iş ýüzünde ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Söwda gatnaşyklaryny, ulag arabaglanyşygyny, energetika howpsuzlygyny, innowasiýa we maýa goýum işlerini ösdürmek babatyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ÝB-niň «Global Gateway» başlangyjynyň durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alşyldy.

Taraplar hereket edýän we geljekki ýöriteleşdirilen taslamalara we maksatnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly işlerde ÝB-niň bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak meselelerine garadylar.

Mundan başga-da, diplomatlar ekologiýa howpsuzlygyny goramak, metanyň zyňyndylaryny azaltmak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri babatyndaky bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilim we ylym pudagyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň