Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin direktory Briggita Bişof Ebbeseniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda halkara ynsanperwer hukugyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapy ýurduň ynsanperwer ugurdaky taslamalaryny we başlangyçlaryny hödürledi we Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara federasiýasynyň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.