Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Aşgabat Astananyň BMG-niň sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny goldady, Türkmenistan we Awstriýa 2025-nji ýylda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutany oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almagyň we oba hojalygynda ýokary görkezijileri gazanmagyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny belledi.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin durnukly ösüş babatda maksatlar boýunça sebit merkezi» atly Kararnamany kabul etmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
3. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.
4. 29-njy martda Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara ynsanperwer işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçiriler. Çäräniň guramaçysy bolup Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çykyş eder. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow brifingiň dowamynda mälim etdi. Ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, maslahata gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň ynsanperwer hem-de durmuş işleriniň amal edilmegine jogap berýän döwlet we jemgyýetçilik düzümleri, halkara guramalarynyň we olaryň wekilhanalarynyň wekilleri çagyryldy. Forumyň işi saglygy goraýyş, lukmançylyk kömeginiň berilmegi, çagalara we ýetginjeklere bilim hyzmatlarynyň berilmegi, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere gönükdiriler.
Dünýäde
1. Laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen et, süýt we şeker ýakyn iki ýylyň içinde ilkinji gezek britan sarp edijileri üçin elýeterli bolup biler. Beýik Britaniýanyň Azyk standartlary boýunça agentligi laboratoriýa şertlerinde döredilen iýmitleri makullamagy çaltlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine seredýär. Şeýle önümler ýöriteleşdirilen biohimiki önümçilik desgalarynda öýjüklerden ösdürilip ýetişdirilýär. Singapur 2020-nji ýylda adamlaryň sarp etmegi üçin öýjük esasynda döredilen eti satmaga rugsat bermek bilen, bu ugurda ilkinji döwlet boldy. Ondan soň 2023-nji ýylda ABŞ we geçen ýyl Ysraýyl muňa rugsat berdi. Şol bir wagtyň özünde, Italiýada şeýle önümleriň satylmagy gadagan edildi.
2. Dubaý şäheriniň häkimligi adamlara gönüden-göni awtoulaglarynda saglyk barlagyny geçirmäge mümkinçilik berýän «drive-through» ulgamly lukmançylyk laboratoriýasyny hödürledi. Maglumat ibermek bary-ýogy bir minut alar. Awtoulag barlaghanasynyň hyzmatlaryndan hökümet we ýarym hökümet edaralary, hususy kompaniýalar, ekologiýa, howpsuzlyk we saglygy goraýyş pudagynyň hünärmenleri, şeýle hem awiakosmos pudagynyň wekilleri peýdalanyp bilerler.
https://turkmenportal.com/blog/88801/v-dubae-teper-mozhno-sdat-analizy-ne-pokidaya-avtomobilya
Sport täzelikleri
1. Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýetginjekler ýygyndysy «B» toparyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medallara mynasyp boldy. Bürünç medallar ugrundaky aýgytly oýunda türkmen hokkeýçileri Bosniýa we Gersegowinanyň toparyny 5:2 hasabynda ýeňdiler. Tälimçi Meýlis Kuliýewiň şägirtleri duşuşygyň dowamynda iki gezek hasapda yzda galdylar, ýöne soňky döwde dört jogapsyz şaýba geçirip, oýnuň gidişini üýtgetmegi başardylar. «Galkan» klubyndan Soltanhamit Wahitow het-trik geçirip, duşuşygyň gahrymany boldy.
2. 12-nji martda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýnunda «Arkadag» «Ist Bengal» klubyna garşy oýnar. Kalkutta şäherinde geçirilen ilkinji duşuşyk 1:0 hasabynda türkmen toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. «Arkadag» topary ak köýnekçede meýdança çykar, myhmanlar gyzyl köýnekçede oýnar. Duşuşyk «akylly» şäheriň stadionynda geçiriler we 15:30-da başlar.