Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

4-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

12:2704.03.2025
0
14146

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygyny ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kataryň Emirini halkara foruma çagyrdy, Türkmenabatda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Mustak Aýmedowyň 115 ýyllygy bellenildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Döwlet Baştutany oba hojalyk işlerini öz wagtynda durmuşa geçirmegiň möhümdigini aýtdy we bu işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/88544/prezident-turkmenistana-provel-soveshchanie-po-voprosam-razvitiya-selskogo-hozyaistva

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanini 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Söhbetdeşler birek-biregi we iki ýurduň halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de bu gatnaşyklary ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

https://turkmenportal.com/blog/88545/glava-halk-maslahaty-turkmenistana-priglasil-emira-katara-na-mezhdunarodnyi-forum

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maksat Paşanakowy Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Ozal ol Balkan welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinde işledi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken Karary bilen, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Myrat Nazarow şäheriň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

https://turkmenportal.com/blog/88547/maksat-pashanakov-naznachen-hyakimom-goroda-balkanabat

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow Kakamyrat Orazgulyýewi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Ol bu wezipeden boşadylan Bäşimdurdy Mämmedowyň ornuna bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/88546/naznachen-novyi-hyakim-etrapa-gerogly-dashoguzskogo-velayata-turkmenistana

5. Şu ýyl Türkmenistanyň at gazanan bagşy Mustak Aýmedowyň 115 ýyllygy bellenilýär. Meşhur sazandanyň hatyrasyna Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde dabaraly çäre geçirildi. Eýwanda bagşynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy, onda esasy orny bagşynyň çalan dutary eýeledi. Mustak Aýmedow türkmen aýdym-saz sungatynda ajaýyp yz galdyrdy, häzirki wagtda onuň şägirtleri we muşdaklary onuň ýoluny dowam etdirýärler.

https://turkmenportal.com/blog/88538/v-turkmenabate-otmetili-115letie-zasluzhennogo-bahshi-turkmenistana-mustaka-aimedova

6. Türkiýäniň «Karub» kompaniýasy 18-nji martda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň bürünç hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Şu güne çenli maýa goýum forumyna 26 ýurtdan 200-den gowrak wekiliň gatnaşjakdygy tassyklanyldy.

https://turkmenportal.com/blog/88535/tureckaya-karub-vystupit-bronzovym-partnerom-mezhdunarodnogo-foruma-ift-2025-v-turkmenistane

Dünýäde

1. Ispaniýa yzly-yzyna ikinji ýyl uzak aralykdan işleýän işçiler üçin iň özüne çekiji ýurtlaryň arasynda birinji orny eýeleýär. Hünärmenler reýting düzülende «sanly çarwalaryň» rahatlygyna täsir edýän esasy şertlere baha berdiler: wiza almagyň şertleri, girdeji talaplary, salgyt syýasaty, ýaşaýyşyň bahasy we internet birikmesiniň hili. Gözlege uzak aralykdan işleýän işçiler üçin ýörite wiza maksatnamalaryny hödürleýän 55 ýurt gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/88530/ispaniya-vtoroi-god-podryad-priznana-luchshei-stranoi-dlya-cifrovyh-kochevnikov

2. Halkara alymlar toparynyň çaklamalaryna görä, 2050-nji ýyla çenli aşa agram meselesi we semizlik görlüp-eşidilmedik derejä ýeter. Uly ýaşlylaryň 3,8 milliarddan gowragy, 746 million çaga we ýetginjek bu ýagdaýdan ejir çeker, bu bolsa dünýä saglygy goraýyş ulgamyna uly howp döreder. Derňew meseläniň çalt ösýändigini görkezýär: aşa agramly we semiz uly ýaşlylaryň sany takmynan üç esse artdy. Bu görkeziji 1990-njy ýylda 731 milliondan 2021-nji ýylda 2,11 milliarda ýetdi. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda şol döwürde bu görkeziji iki esse artdy. Semizlikiň iň çalt ýokarlanmagy Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlarynda, Aziýada we Latyn Amerikasynda bolar diýlip garaşylýar.

https://turkmenportal.com/blog/88553/k-2050-godu-ozhirenie-mozhet-zatronut-bolee-poloviny-naseleniya-planety

Sport täzelikleri

1. Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň 2025-nji ýyldaky çempionaty başlaýar. Birinji tapgyrda üç duşuşyk geçiriler: «Ahal» – «Nebitçi», «Altyn Asyr» – «Aşgabat» we «Şagadam» – «Merw».

https://turkmenportal.com/blog/88556/matchem-v-babarape-startuet-chempionat-turkmenistana-po-futbolu-2025-goda

2. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow «Tokio Marafon — 2025» atly abraýly halkara çärä gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden 38000-den gowrak gatnaşyjylary jemledi. Ol abraýly «Majors» toplumyna degişli alty sany marafonuň biridir. Baýramow Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, hususan-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alyp barýan syýasatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

https://turkmenportal.com/blog/88537/posol-turkmenistana-prinyal-uchastie-v-tokiiskom-marafone

3. Türkmen tennisçileri Malaýziýada badalga alan Aziýa/Okeaniýa zolagynda 16 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Billi Jin Kingiň Kubogy ugrundaky deslapky saýlama ýaryşynda Wýetnamyň toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdylar. Bäsleşikde Türkmenistanyň toparyna Ilima Guseýnowa, Aýnur Möwlýamowa we Jennet Çaryýewa wekilçilik edýär.

https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/92574/turkmenskie-tennisistki-s-pobedy-startovali-na-yuniorskom-otborochnom-turnire-u-16-za-kubok-billi-dzhin-king

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň