«Ýerli çig maldan bitum emulsiýasyny öndürmegiň tehnologiýalary» atly taslamasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugyndan işläp taýýarlama awtorlyk hukugy şahadatnamasyny aldy. Taslama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleriniň we ölçeg gurallarynyň tehnologiýasy barlaghanasynda taýýarlanyldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Işläp taýýarlamanyň awtorlary – tehniki ylymlaryň kandidaty, barlaghana müdiri M.Hudaýberdiýew, ylmy hünärmenler D.Gadamow we A.Pirmedow toplumlaýyn ylmy hem-de tejribe işlerini geçirdiler. Degişli kadalaşdyryjy resminamalara doly laýyk gelýän bäş synagyň seljermesi goşulan ylmy işiň netijeleri ylmy makalada çap edildi.
Şeýlelikde düzüminde 40% bitum, 48,8% suw, 10% erediji madda, 0,6% duz kislotasy we 0,6% emulgator bolan özboluşly bitum emulsiýasy alyndy.
Ozal Türkmenistanda ýol gurluşygy we ýollary abatlamak üçin ulanylýan bitum emulsiýalaryň belli bir bölegi daşary ýurtlardan getirilýärdi. Türkmen alymlarynyň teklip edýän täze tehnologiýasy ýerli çig maldan ýokary hilli bitum emulsiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa ony ýurduň daşary ýurt üpjünçiligine garaşlylygyny has azaldar we ýerli ýol gurluşygy üçin täze mümkinçilikleri açar.
Ýol gatlaklarynyň gowy birleşmegini, jaýryklary ýapmagy we asfalt ýollardaky çukurlary bejermekde üstünlikli peýdalanylmagy täze bitum emulsiýasynyň artykmaçlyklarydyr.