BMGÖM bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň synag ulgamynyň durmuşa geçirilmegini öňe sürmek» atly taslamasynyň çäklerinde döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlaryň alyş-çalşygyny çaltlandyrmaga we ygtybarlylygyny gowulandyrmaga ýardam etjek X-Road platformasyny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
X-Road – bu maglumat ulgamlarynyň arasynda paýlanýan maglumat alyş-çalşygynyň merkezleşdirilip dolandyrylýan derejesi bolup, hyzmatlaryň standartlaşdyrylan we howpsuz usulda öndürilmegini we ulanylyşyny üpjün edýär.
X-Road platformasynyň şu aşakdakylar ýaly artykmaçlyklary bar:
- Gizlinlik. Maglumatlara diňe ygtyýarlandyrylan ulanyjylaryň girip bilmegini üpjün edýär;
- Bitewilik. Maglumatlaryň tutuş ýol boýunça üýtgewsiz we takyk galmagyny kepillendirýär;
- Ylalaşyjylyk. Esasy tehnologiýasynyň haýsy görnüşdedigine garamazdan, dürli ulgamlaryň we guramalaryň arasynda maglumatlaryň kynçylyksyz alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik berýär.
Ozal biz Türkmenistanda pudagara elektron-maglumat alyş-çalyş ulgamynyň ornaşdyryljakdygy barada habar beripdik.