2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Kanaweral kosmodromyndan (ABŞ, Florida ştaty) “Falcon 9” raketa-göterijisi arkaly äleme ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy üstünlikli goýberildi. Enjam Türkmenistanyň sargydy boýunça “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan döredildi.
“TürkmenÄlem 520E” ýokary tehniki aýratynlykly özboluşly enjam bolup durýar. Ol hemra telefoniýasyny, maglumatlaryň geçirilmegini we aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini üpjün edip, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň we Demirgazyk Afrikanyň giň meýdanlaryny öz içine alýar.
“TürkmenÄlem 520E” hemrasynyň goýberilmeginiň netijesinde Türkmenistan özüniň telekommunikasiýa mümkinçilikleriniň ösdürilmeginde möhüm ädim ätdi.
Hemra aragatnaşygy şu aşakdakylary ýerine ýetirýär:
Dünýäniň dürli dillerinde, şol sanda türkmen, iňlis, pars, rus, özbek we türk dillerinde 300-den gowrak ýokary hilli tele we radio ýaýlymlarynyň görkezilişini üpjün edýär;
Esasanam, ýerüsti infrastrukturasynyň peýdalanyşy çetki etraplarda milli aragatnaşyk ulgamyny pugtalandyrýar;
Döwlet edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem täjirçilik gurluşlarynyň durnukly işini üpjün edýär.
Häzirki wagtda “TürkmenÄlem 520E”, “Dragon Oil”, “Eni Turkmenistan” we nebitgaz pudagynyň beýleki öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan işjeň ulanylýar. Hemra aragatnaşygy bu strategiki pudaklaryň maglumat geçirilşini üpjün etmekde we aragatnaşygynda möhüm orun tutýar.
Hemra aragatnaşygy diňe bir içerki infrastrukturany ösdürmekde ýardam etmän, eýsem Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tele we radio ýaýlymlarynyň görkezilişinde Türkmenistanyň üstaşyr ýurt hökmündäki ornuny berkidýär.
Bu 10 ýylyň dowamynda, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i ösen tehnologiýalaryň we hemra aragatnaşygynyň ýokary hilli hyzmatlaryny müşderilerine we hyzmatdaşlaryna ýerine ýetirmek bilen, özüni sebitde ygtybarly we öňdebaryjy hemra oparatory hökmünde tanatdy.
Häzirki wagtda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Türkmen hemrasy” ÝGPJ bilen bilelikde ikinji aragatnaşyk hemrasynyň goýberilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Ol bolsa bar bolan infrastrukturanyň üstüni dolup, ýeriň uzak aralykdan döwrebap maglumatlary geçirmegiň täze mümkinçiliklerini açyp berer.
“TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçilikleri we hödürleýän hyzmatlary baradaky goşmaça maglumatlary bilen www.turkmenhemrasy.gov.tm resmi saýtynda tanşyp bilersiniz.