Türkmen wekiliýeti Duşenbe şäherinde 7 — 11-nji aprel aralygynda geçirilýän Radioýygylyk spektrini we hemra orbitasyny düzgünleşdirmek boýunça Sebitleýin bileleşigiň 27-nji mejlisiniň çäklerinde guralan «Sanly öwrülişik: garaýyşlar we çözgütler» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada «AsiaPlus» täjik saýty ýazýar.
Foruma gatnaşyjylar telekommunikasiýa ulgamynda ösüşiň depginini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, 4G we 5G standartlaryna laýyk gelýän täze stansiýalaryň gurulmagy, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, internet hyzmatlarynyň halkara deňiz kabel ulgamlaryna gönüden-göni birikdirilmegi ýaly başlangyçlar üns merkezinde boldy.
Türkmenistan forumyň dowamynda aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine we maglumat alyş-çalşygyny güýçlendirmäge bolan taýýardygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurt sanly infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hilli mobil internet hyzmatlaryny elýeterli etmek hem-de aragatnaşyk ulgamyny halkara standartlara laýyk getirmek ugrunda alnyp barylýan çäreleri bilen çykyş etdi.
Foruma gatnaşanlar telekommunikasiýa bazarynda ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, maglumatlar bazasyny we beýik möçberdäki maglumatlary işläp taýýarlamak merkezlerini döretmegiň, hem-de emeli hemra aragatnaşygyny ösdürmegiň möhüm ähmiýetini nygtadylar.