Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň birinji gaty doly asfaltlanyldy

11:4712.03.2025
0
5909
Awtobanyň Mary — Türkmenabat böleginiň birinji gaty doly asfaltlanyldy
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Häzirki wagtda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginde ýoluň birinji gaty doly asfaltlanyldy. Onuň ikinji gatynyň gurluşygy hem tamamlanyp barýar, ep-esli böleginde bolsa asfaltyň üçünji gaty hem ýazyldy. Şol bir wagtyň özünde, gurluşykçylar ýoluň ortasyndaky gorag zolagynyň gurluşygyny hem dowam etdirýärler. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, asfaltyň birinji gaty 10, ikinji gaty 7, üçünji gaty 5 santimetr galyňlykda ýazylýar. Olardan öňinçä, kesgitli galyňlykda toprak we dört gat geotekstil, şeýle hem ýörite örtükleriň birnäçe görnüşi halkara ölçeglere laýyklykda kesgitlenilen tertipde düşelýär. Awtoulag ýoly bir ugurda üç zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly, iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabardyr.

Ýoluň gurluşygynda döwrebap tehnikalaryň ýüzlerçesiniň hyzmatyndan peýdalanylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň