Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) Üstaşyr daşamalar boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada YHG-niň Baş sekretary Asad Majid Han «Trend» agentligine beren interwýusynda habar berdi.
«Türkmenistanyň strategiki geografiki ýerleşişi arkaly YHG-niň çäklerinde söwdanyň, şeýle hem aragatnaşyk we energetika hyzmatdaşlygynyň ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Türkmenistan YHG-de pugta söwda ornuna eýe bolup, onuň ykdysadyýeti we sebitleýin söwdasy yzygiderli ösýär. Şonuň üçin gurama YHG-niň Söwda ylalaşygynyň we YHG-niň Üstaşyr daşamalar boýunça Çarçuwaly ylalaşygynyň çäklerinde Türkmenistan bilen has giň gerimli we çuň hyzmatdaşlyga ymtylýar» diýip, ol belledi.
Asad Majid Han Türkmenistanyň guramanyň işjeň agzasy hökmünde sebitleýin serhetýaka söwda zolagynyň ösmegine hem goldaw berýändigini nygtady.
«Türkmenistan sebitleýin söwdany giňeltmek maksady bilen Eýran bilen bilelikdäki serhetýaka zolagyny döretmek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma geçirmegi teklip etdi. Bu teklip Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhetýaka zolagynyň üstünlikli tejribesine esaslanýar. Biz Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýäris we bu modeli sebitiň beýleki ýurtlarynda ulanmak mümkinçiligini seljermek üçin işjeň işleýäris» diýip, ol nygtady.
YHG-niň Baş sekretary bu taslamalaryň çäklerinde infrastrukturany täzelemegiň Türkmenistana maýa goýumlaryny çekmäge hem-de energetika pudagyna daýanýan ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berjekdigini belledi.
Asad Majid Han 2006-njy ýylda güýje giren Üstaşyr daşamalar boýunça Çarçuwaly ylalaşygyň YHG-niň çägindäki ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny düzýändigini hem belläp geçdi. Bu resminamanyň administratiw amallary kämilleşdirmekden, gümrük we serhet proseslerini ýönekeýleşdirmekden, gijikdirmeleri we çykdajylary azaltmakdan, sürüjiler we ulag işgärleri üçin wiza düzgünlerini gowulandyrmakdan hem-de TIR we e-TIR ýaly halkara ülňüler bilen kadalary sazlaşdyrmakdan ybaratdyr. YHG-niň Baş sekretarynyň aýtmagyna görä, YHG-niň Söwda ylalaşygy sebitiň geljekki ösüşinde möhüm rol oýnaýar, ol, hususan-da, ykdysady integrasiýany ilerletmekde, ikitaraplaýyn söwdany höweslendirmekde we ulag ulgamlaryny berkitmekde täsirli bolar.
«Paçlary we söwda päsgelçiliklerini azaltmak ýurtlaryň arasyndaky söwda akymlarynyň köpelmegine we has utgaşykly sebitleýin ykdysadyýeti döretmäge getirip biler. Bu ylalaşyklar ýurtlaryň biri-biriniň bazarlaryna elýeterliligini aňsatlaşdyryp, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek eder. Şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň alyş-çalyşynyň ykdysady täsirini gowulandyrmaga ýardam berer» diýip, Asad Majid Han sözüniň üstüni ýetirdi.