10-njy martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Lu Ban ussahanasyny» döretmek we durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary, Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň, CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Şensi hünär-tehniki kollejiniň wekilýetleri bilen hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň açylyş dabarasy hem-de iş maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň wekilýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurluşy, okuw binalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, barlaghanalary, uniwersitetde taýýarlanylýan hünärler we ugurlar hem-de alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekilýeti bilen bilelikde «Lu Ban ussahanasynyň» taslamasynyň gurluşyk-gurnama işleri, barlaghana enjamlary, şeýle hem «Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi» hem-de «Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (nebitgaz pudagynda)» bakalawr taýýarlyk ugurlary boýunça uniwersitetiň mugallymlarynyň hünär kämilleşdiriş okuwynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek, bilelikdäki okuw maksatnamasyna laýyklykda, Sian nebit uniwersitetiniň magistraturasynda okamak üçin 2025-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini tamamlaýan zehinli talyplary saýlap almak we kabul etmek maslahatlaşyldy.
Şeýle hem dünýäniň sebitlerini we aýry-aýry ýurtlaryny toplumlaýyn öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriboýunça hem pikir alyşyldy.