Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda britan uniwersitetini açmak teklibi öňe sürüldi

09:0912.03.2025
0
4369

Düýn Türkmenistanyň Bilim ministrliginde «British Education Network» (BEN), London Uniwersitetiniň hem-de «AD Education UK» guramasynyň Direktorlar geňeşiniň başlygy, professor Dewid Beýkeriň ýolbaşçylygyndaky britan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk türkmen-britan bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurduň durnukly ösüş we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.

Duşuşygyň dowamynda 2024–2025-nji ýyllar aralygynda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, aşakdaky ugurlar boýunça gazanylan üstünlikler bellenildi:

  • Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara reýtinglerinde, hususan-da, «THE Impact Rankings 2024» we «UI GreenMetric World University Ranking» reýtinglerinde ýokary görkezijileri gazanmagy;
  • Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmek boýunça häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen «Accelerating English Language Learning in Central Asia» taslamasynyň çäklerinde okuw-seminarlarynyň üstünlikli geçirilmegi;
  • Britaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen onlaýn maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmegi.

Britan wekiliýeti duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda «British International University Turkmenistan» (Britan Halkara Uniwersiteti – Türkmenistan) atly ýokary okuw mekdebini döretmek boýunça taslamany hödürledi. Şeýle-de London Uniwersitetiniň baý tejribesi barada giňişleýin maglumat berildi. Häzirki wagtda London Uniwersiteti dünýäniň 40 döwletindäki 100-den gowrak hyzmatdaş bilen iş alyp barýan, 17 abraýly kolleji özünde jemleýän halkara abraýly bilim merkezleriniň biridir.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu başlangyçlaryň bilim ulgamynda tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek we bilim hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belläp geçdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň