10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Nazary mehanika» dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu olimpiada ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sindan talyp ýaşlaryň 184-si,daşary ýurtlaryň 17-siniň ýokary okuw mekdepleriniň 85-sinden talyp ýaşlaryň 517-si, umumylykda 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyp gatnaşýar.
Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär.
Internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, talyp ýaşlar şahsy we toparlaýyn görnüşinde bäsleşerler.