Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşyldepe meýdançasynda nebit akymynyň uly möçberi alynýar

12:2612.03.2025
0
5704
Ýaşyldepe meýdançasynda nebit akymynyň uly möçberi alynýar
Surat: Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet Ministrligi

Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçäkde ýerleşýän Ýaşyldepe meýdançasynda dikilen buraw desgalary gije-gündiziň dowamynda nebit akymynyň uly möçberini berýär. Bu ýerde öndürilen nebiti gaýtadan işlemek wezipesini bolsa Seýdidäki zawod ýerine ýetirýär. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň dowamynda 30 müň tonnadan gowrak çig maly gaýtadan işledi we nebitden dürli markaly benzin, dizel ýangyjy, ýol bitumy öndürildi.

Şu günki günde Özbegistan, Gruziýa, Owganystan we Birleşen Arap Emirlikleri bu zawodyň önümlerini satyn alyjylardyr. Sebäbi bu ýerde öndürilýän mazut, ýol bitumy we dizel ýangyjy ýaly önümlere isleg bildirýänler barha köpelýär diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň