Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklara, hususan-da, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Söhbetdeşler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, awstriýa tarapy şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyryldy.