Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sungat galereýasynda görnükli türkmen şahyry Gurbannazar Ezizowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Ynam» atly suratlar sergisi açyldy.
Sergide häzirki zaman sungaty ugry boýunça işleýän bäş türkmen suratkeşi öz işlerini görkezişe çykardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Rahman Rahmanowyň «Ýedi oturgyç» atly suraty sahna sungatyny söýýänler hakynda gürrüň berýär.
«Iki dogan» atly işinde suratkeş bitişik agajyň şekilinde biri-birinden aýrylmaýan uly ýaşa ýeten doganlary görýär. Onuň başga bir işi - «Iki derwiş» diýlip atlandyrylýar, iki kör derwiş bir-birine gysylyp, sowukdan we özlerine düşnüksiz dünýäden goranýarlar. «Soňky ýöriş» suraty hem sergä gelen ähli adamlaryň ünsüni özüne çekdi.
Perhat Işangulyýew sergide öküzleriň şekili çekilen 12 suratyny görkezýär. Awtoryň nygtaýşy ýaly, öküz uly güýji we kuwwaty alamatlandyrýar, şunda ol diňe zenanlaryň şeýle güýji öz isleýşi ýaly dolandyryp bilýändigini belleýär.
Begenç Berkeliýewiň «Penjireden» atly suraty açyk penjireden seredip, gök baglyga gark bolan tebigaty gören awtoryň köňül joşgunyny beýan edýär. Onuň öňki sergilerde görkezilen «Aýlantus bagy» atly peýzaž toplumyny ýada salýar.
Ösüp ýetişen garpyzlar, gawun kaklary, kişdelik pomidorlar, burçlar – bu oba hojalyk önümleri Amanmyrat Modyýewiň häzirki zaman nakgaşçylyk eserlerinde öz ornuny tapýar. Gaýtalanýan zatlaryň şekilleriniň ajaýyp gözelligi onuň eserlerine adaty bolmadyk görüş täsirini berýär.
Gahryman Goçmyradow şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýubileýine şahyryň ady bir goşgusy boýunça «Iki agaç» suratyny taýýarlapdyr. Iki agajyň hersi derýanyň garşy tarapdaky kenarlarynda ösýär, olaryň hersi beýleki agajyň özüne has köp suw alýandyr diýip hasap edýär. Olaryň biri-birine bolan bahyllygy, olar bir-birine aşyk-magşuk bolýançalar dowam edýär.
«Düýeden uly pil bar» - bu Görogly eposyndan alnan sözi Gahryman Goçmyradow öz ady bir suratyna esas edip alypdyr. Suratkeş pile münüp oturan Bezirgeniň Göroglyny ýesir alyp, düýäniň üstünde daňyp goýan pursatyny şekillendiripdir. Surat goýy gyrmyzy reňkde ýerine ýetirilip, biziň milli keçämizi ýatladýar.
Açylyş dabarasynda şahyryň gyzy Ýazgül şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgularyny okady. Sergide Gurbannazar Ezizowyň şygyrlaryndan başga Gara Seýtliýewiň, Aman Kekilowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň goşgylary hem okaldy.
Sergide halk tarapyndan söýlen şahyryň ýaşan we döreden döwrüni ýatladýan Gurbannazar Ezizowyň ulanyp biljek zatlary goýlan döredijilik burçy döredilipdir.