Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda Aýna Ataýewanyň eseriniň esasynda goýlan «Ene» atly spektaklyň premýerasy görkezildi.
Sahna eseriniň premýerasy ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda geçirilýän «Ene ýüregi ýylylykdan doly» diýen bäsleşigiň çäklerinde geçirildi – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Spektakly goýmak üçin drama teatrynyň režissýory Mekan Jumabaýew çagyryldy, ol ýurdumyzda teatrlarda goýan ajaýyp sahna eserleri bilen tanalýar.
Syužet boýunça dul galan tokaý Döwi öz ogluny adamlaryň maşgalasyna terbiýelemäge berýär. Kiçijik çaga öz süýtdeş doganlarynyň arasynda ösüp ulalýar we täze enesiniň süýdi bilen adam ýüregine mahsus bolan gowulyklary özüne siňdirýär. Emma bu diňe kakasyny, ýagny Döwi gaty gynandyrýar, sebäbi oňa ynsanlara mahsus duýgular ýat bolýar.
Baş rollary Oguldöndi Bäşimowa, Zyýada Kakalyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaçary Kakabaýew, Magtymguly Hudaýberdiýew ýerine ýetirýärler. Şeýle hem spektaklda Söhbet Paşagulyýew, Merdan Haýdarow, Gülnar Orazgeldiýewa, Şirin Ataýewa, Ogulaý Akmämmedowa dagy çykyş edýärler.