Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

YHG-nyň Baş sekretary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek halkara foruma çagyryldy

12:5810.03.2025
0
6757

Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hissein Brahim Tahanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň YHG-nyň Baş sekretarynyň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek Halkara foruma resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň