Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

19-njy martda Aşgabatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk babatda halkara maslahat geçiriler

12:1408.03.2025
0
18689

19-njy martda Aşgabatda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahat geçiriler. Häzirki wagtda oňa taýýarlyk işleri alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu wekilçilikli foruma daşary ýurtlaryň döwlet düzümleriniň, iri kompaniýalaryň, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Bu çäräniň maksatnamasyna laýyklykda, «Merkezi we Günorta Aziýada energetika, ulag we infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: ykdysady, guramaçylyk we hukuk meseleleri», «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda orny we ähmiýeti», «Merkezi we Günorta Aziýa sebitlerinde ulag arabaglanyşygy: ösüşiň taslamalary», «Maliýe institutlarynyň Merkezi we Günorta Aziýadaky ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaklary» atly mowzuklaýyn mejlisleriň 5-sini geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy.

Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň