Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Birleşen Patyşalykda birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

12:2507.03.2025
0
29596

Türkmen wekiliýetiniň Türkmen-britan bilelikdäki Söwda-senagat geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Patyşalyga eden saparynyň çäklerinde Kowentri uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň esasy ugurlary akademiki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak we öňdebaryjy bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Wekiliýet Kowentri uniwersitetiniň Londondaky şahamçasyna baryp gördi. Ol ýerde türkmen wekiliýeti halkara standartlaryna laýyk gelýän bilim maksatnamalary bilen tanyşdy. Täze çemeleşmelere esaslanýan okuw usulyýetine, sanly tehnologiýalaryň okuw işine ornaşdyrylmagyna, şeýle hem uniwersitetiň senagat we işewürlik ulgamlary bilen saklaýan ýakyn hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Soňra Britaniýanyň uniwersitetleriniň, işewür toparlarynyň we Britan Geňeşiniň wekilleri bilen wideo duşuşyklaryň we iş maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. Bu gepleşikler hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga we bu ugurda özara gatnaşyklary dowam etdirmäge ýol açdy.

Kowentri uniwersitetinde geçirilen duşuşyk Türkmenistany we Birleşen Patyşalygy baglanyşdyrýan bilim hyzmatdaşlygy çygryndaky netijeli çäreleriň biri boldy. Britan uniwersitetiniň wekilleri sanly tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak we senagat pudagy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe başlangyjy öňe sürdüler.

Kowentri uniwersiteti dünýäniň abraýly «Times Higher Education» we «QS Education Ranking» sanawlaryna girýän ýokary okuw mekdebidir. Bu bolsa onuň ýokary akademiki derejesini tassyklaýar. Uniwersitet uly halkara tejribesine eýe bolan ýokary okuw mekdebi hökmünde tanalýar. Onuň Müsürde, Marokkoda, Polşada, Gazagystanda, Alžirde we Günorta-Gündogar Aziýada şahamçalary hereket edýär.

Londonda ýerleşýän Kowentri uniwersitetiniň Dolandyryş mekdebiniň ýolbaşçysy, doktor Joanna Woulgaropoulou bilen geçirilen duşuşykda, esasan, ýokary bilimden soňky bilimiň okuw maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda özara pikir alşyldy. Uniwersitetiň marketing, ykdysadyýet, maliýe, menejment we global işewürlik ugurlary boýunça çeýe magistr we bakalawr maksatnamalaryny hödürleýändigini bellemek gerek. Şeýle hem duşuşykda türkmen talyplarynyň uniwersitetiň halkara uçurymlar toruna we okuw platformasyna girmäge mümkinçiligini öwrenmek, daşary ýurtly talyplara goldaw bermegiň meseleleri, şol sanda iňlis dili boýunça okuwlary guramak we Londonyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň esasynda iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmek, halkara marketing, sanly marketing we maglumat seljermesi, global ykdysadyýet, bank işi we maliýe ýaly ugurlar boýunça magistr maksatnamalary ýaly birnäçe anyk meselelere garaldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar gepleşikleri dowam etdirmek we hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini içgin öwrenmek maksady bilen bilermenleriň maslahatlaşmalaryny guramak barada gyzyklanmalarynyň bardygyny beýan etdiler. Türkmen wekiliýeti ýokary bilim ulgamynda halkara tejribesiniň öwrenilmeginiň möhümdigini nygtap, geljekki gepleşiklere we pikir alyşmalara taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň