Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Estoniýanyň işewür wekilleri türkmen telekeçilerine garaşýar: B2B-duşuşyklar we maýa goýum forumy

11:2705.03.2025
0
17889

17-18-nji martda Türkmenistan Estoniýanyň Söwda-senagat edarasynyň işewür wekiliýetini kabul eder. Estoniýaly telekeçileriň sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.

Saparyň çäklerinde eston wekiliýeti «Türkmenistanyň geljegine maýa goýum» (IFT-2025) halkara maýa goýum forumyna gatnaşar. Onda Estoniýanyň kompaniýalarynyň mümkinçilikleri görkezilip, dürli pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Mundan başga-da, türkmen işewürleri bilen B2B-duşuşyklar meýilleşdirilýär. Munuň özi bilelikde durmuşa geçirip boljak taslamalar we hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Estoniýanyň wekiliýeti köp sanly pudaklary, şol sanda şu ugurlary tanyşdyrar:

Metaly gaýtadan işlemek we senagat enjamlary

Tokaý enjamlaryny öndürmek (agaç üweýji, konus bölüji enjamlar)

Galyndylary gaýtadan işlemek, suwy arassalamak we asfalt zawodlary üçin niýetlenen enjamlary öndürmek

Azyk senagaty

Kosmetika önümleri we enjamlary

Ýeňil senagat

Nebitgaz pudagy

Logistika

Konditer we şokolad önümlerini öndürijiler

Nebitgaz pudagy üçin logistika

Saparyň esasy maksady — uzak möhletleýin söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak we türkmen kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek. Estoniýaly telekeçiler Türkmenistanda maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalaryny we tejribelerini hödürlemäge taýýardyrlar.

Estoniýanyň kompaniýalary bilen aragatnaşyk ýola goýmak isleýän türkmen telekeçileri üçin B2B-maksatnamasy guralar. Bu bolsa söwda, maýa goýum taslamalary we beýleki özara bähbitli başlangyçlar babatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Sapary guraýjylar türkmen telekeçilerini degişli çärelere işjeň gatnaşmaga we bu mümkinçiligi öz işewürligini ösdürmek üçin peýdalanmaga çagyrýarlar.

Hasaba alynmak we goşmaça maglumat almak üçin (+993 62) 60 68 85 telefon belgisi ýa-da info@zemin-tours.com elektron salgysy arkaly ýüz tutuň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň