Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen» ýaşaýyş we täjirçilik maksatly desgalar üçin «Panjur» haryt nyşanly awtomatiki tigirçekli gabsalary hödürleýär

14:1907.03.2025
0
23414

«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti «Panjur» haryt nyşanly awtomatiki tigirçekli gabsalaryň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu döwrebap gurluşlar penjireleri we gapylary goramak üçin iň amatly çözgüt hödürlemek bilen, rahatlygy, ygtybarlylygy we estetiki özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.

Aňsat dolandyryş:

Awtomatiki tigirçekli gabsalar pult arkaly uzakdan dolandyrylýar, bu bolsa ulanyşda ýokary rahatlygy üpjün edýän.

Elektrik energiýasy kesilen ýagdaýynda üznüksiz işlemegi kepillendirýän el bilen dolandyryş göz öňünde tutulandyr.

Çeýe gurluş:

Tigirçekli gabsalar jaýyň daşynda hem, içinde hem oturdylyp bilner. Bu bolsa ony islendik binagärlik we interýer çözgütleri bilen uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Dürli şekilli we ululykdaky gutularyň giň toplumy islendik desga üçin iň amatly çözgüdi saýlamaga mümkinçilik berýär.

Ygtybarlylyk we hil:

«Maksatly Türkmen» diňe ýokary hilli gurluşlary, profilleri we hereketlendiriji ulgamlary hödürlemek bilen, tigirçekli gabsalarynyň berkligini we ygtybarlylygyny kepillendirýär.

Şeýle hem kompaniýa deslapky maslahatlardan we ölçeg almakdan başlap, gurnama we soňraky tehniki abatlaýyş işlerine çenli hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär. Dogry önümi saýlamakda kynçylyk çekýän müşderilere amatlylyk üçin hünärmenler desga gelýärler, ähli zerur hasaplamalary ýerine ýetirýärler we önümiň nusgalaryny görkezýärler.

«Maksatly Türkmen» HJ-niň «Panjur» haryt nyşanly awtomatiki tigirçekli gabsalary ýaşaýyş jaýlarynda, öýlerde, täjirçilik maksatly desgalarda, dükanlarda we ofislerde gurnalyp bilner.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 28-nji jaý;
  • telefonlar: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň