Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Lezzetli Tamdyr» Oraza aýynda agzaçara çagyrýar

10:3510.03.2025
0
5932

«Lezzetli Tamdyr» restorany mukaddes Oraza aýynda Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýörite teklip yglan etdi. Restoran myhmanlary agzaçara çagyrýar.

Myhmanlara dürli menýu hödürlener, onda restoranyň iş ugrunyň aýratynlygy bolan milli türkmen aşhanasyna aýratyn üns berilýär. Restoran türkmen milli aşhanasyna buýsanýar we myhmanlary Türkmenistanyň baý aşpezlik mirasy bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.

«Lezzetli Tamdyryň» administrasiýasy müşderilere agzaçar üçin sargytlary öňünden bermegi maslahat berýär.

Dabara, Hudaýýoly ýa-da başga bir çäre geçirmegi meýilleşdirýänler üçin «Lezzetli Tamdyr» 80 adamlyk aýratyn zalyny hödürleýär. Giň zal we rahat gurşaw islendik dabarany ýatda galyjy eder.

Restorana baryp görmek isleýänler ony şu salgydan tapyp bilerler: Aşgabat, senagat zolagy, aýlaw ýolundaky Mary duralgasynyň ýanynda.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: 19 07 70, 12 07 70, 10 06 60, (+993 71) 25 26 40, (+993 71) 25 26 41;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň