Şu gün Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, A.Gurbanow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem Türkmenistan bilen Ispaniýanyň mundan beýläk-de ikitaraplaýyn hem-de halkara düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar oba we suw hojalygy, ulag-logistika, şeýle-de medeni-ynsanperwer, bilim maksatnamalary hem-de ispan dilini öwrenmek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda Ispaniýanyň ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň 10-a golaý ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirildi. Wekiliýetiň düzümi «Ibertest», «Nobargi», «Talgo», «Sercobe», «INDRA», «AGRAGEX», «Teltronic» ýaly 18 sany ispan kompaniýasynyň wekillerini öz içine aldy.