Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ispaniýa Patyşalygy Türkmenistanda täze ilçi belledi

21:2104.03.2025
0
16907

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar, toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de diplomat Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.

Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň