Saidmurod Dawlatowyň hususy usulyýetine esaslanýan «Millionlyk çagalar» atly biznes-mekdebi Türkmenistanda ilkinji gezek işe girizildi. Taslamanyň resmi wekili işewürlik endiklerini öwrenmek we ýaş nesliň mümkinçiliklerini açmak üçin 10 – 18 ýaş aralygyndaky talyplaryň okuwa kabul edilýändigini habar berdi.
Taslamanyň wekiliniň bellemegine görä, özboluşly bilim maksatnamasy çagalarda işewür pikirlenmäni emele getirmäge, özbaşdaklygy ösdürmäge, şahsyýetiň zehinini we ukyplaryny açmaga gönükdirilendir. Usulyýetde kararlar kabul edilende gorkyny aradan aýyrmaga, özüne bolan ynamy, tankydy pikirlenmäni we maliýe sowatlylygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
«Biziň maksadymyz geljekki neslimiz bolan çagalaryň ösmegine goşant goşmak we munuň üsti bilen tutuş jemgyýetiň ösüşine ýardam bermek. Biz her bir çaganyň özbaşdak öwreniş tizligini göz öňünde tutup, çagalara durmuşda öz ornuny tapmaga we güýçli taraplaryny açmaga kömek edýäris» diýip, taslamanyň wekili belleýär.
Maksatnamanyň gatnaşyjylary üçin okuwlaryny gutarandan soň ABŞ-nyň 5000 dollary möçberinde grant utmak mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.
Sapaklar Aşgabatdaky «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriler. Goşmaça maglumat almak isleýänler (+993 71) 69 07 02 telefon belgisi ýa-da detisamoashgabat@gmail.com elektron poçtasyna ýazmak arkaly ýüz tutup bilerler.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Maglumatnamany doldurmak üçin şu salga giriň.