Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Teatr­la­ryň ara­syn­da il­kin­ji ge­zek «Mäh­re do­ly ene­le­riň ýü­re­gi» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di

11:2303.03.2025
0
15499
Teatr­la­ryň ara­syn­da il­kin­ji ge­zek «Mäh­re do­ly ene­le­riň ýü­re­gi» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di
Surat: Türkmenmetbugat

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň, Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň hem-de Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ýur­du­ň teatr­la­ry­nyň ara­syn­da il­kin­ji ge­zek «Mäh­re do­ly ene­le­riň ýü­re­gi» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Teatr us­sat­la­ry­ bäs­le­şi­ge tä­ze sah­na eser­le­ri bi­len gat­na­şdylar. Bäs­le­şi­ge hö­dür­le­nen sah­na eser­le­ri­niň te­ma­sy­nyň köp­dür­lü­li­gi hem-de öň­de goý­lan mak­sa­da la­ýyk­lyk­da sýu­žet­le­riň dü­zül­me­gi bu eser­le­riň to­ma­şa­çy­lar ta­ra­pyn­dan gyz­gyn gar­şy­la­nyl­ma­gy­ny şert­len­dir­di.

Bäs­le­şi­ge ýur­du­ň teatr­la­ry ta­ra­pyn­dan sah­na­laş­dy­ry­lan «Mu­kad­des­li­ge tag­zym», «Enä tag­zym, tag­zym mu­kad­des­li­ge», «Ene sar­pa­sy», «Ene», «Yn­san­ly­gyň göw­her ga­şy», «Al­tyn­jan ha­tyn», «Sa­byr Ata­ýe­wa», «Kä­riz­gen­ler», «Ene süý­di», «Eje­ke­jan» hem-de «Mäh­rem ene» ýa­ly sah­na oýun­la­ry hö­dür­le­nil­di. Dra­ma eser­le­rin­de ene söý­gü­si­niň be­ýik mu­kad­des­lik­di­gi, yn­san ýa­şaý­şy­nyň çeş­me­si­di­gi wa­gyz edil­ýär.

1-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ryn­da dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­le­nil­di. Onuň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma teat­ry «Kä­riz­gen­ler» di­ýen sah­na oý­ny bi­len «Iň go­wy sah­na oý­ny üçin» at­ly baş baý­ra­ga eýe bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma teat­ry «Spek­takl­da ar­tist­le­riň iň go­wy saz­la­şyk­ly he­re­ket­le­ri (an­samb­ly) üçin», Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma teat­ry «Sah­na ese­rin­de mil­li däp-des­sur­la­ry giň­den wa­gyz ed­ýän­di­gi üçin» hem-de «Spek­takl­da ýaş ar­tist­le­riň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy üçin», Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky döw­let saz­ly dra­ma teat­ry «Ta­ry­hy ze­nan şah­sy­ýe­tiň gah­ry­man­çy­ly­gy­ny iň go­wy da­ba­ra­lan­dy­ran sah­na oý­ny üçin» hem-de «Spek­takl­da keşp­le­re ky­bap gel­ýän mil­li ly­bas­la­ry taý­ýar­lan­dy­gy üçin», A.S.Puş­kin adyn­da­ky döw­let rus dra­ma teat­ry «Ze­nan­la­ryň şa­hy­ra­na dö­re­di­ji­li­gi­ni giň­den da­ba­ra­lan­dyr­ýan­dy­gy üçin», Türk­men döw­let gur­jak teat­ry «Sah­na be­ze­gin­de tä­ze göz­leg­le­ri üçin», Türk­me­nis­ta­nyň Mol­la­ne­pes adyn­da­ky ta­lyp­lar teat­ry «Spek­takl­da ýaş ar­tist­le­riň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy üçin», Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Aman Gul­mäm­me­dow adyn­da­ky döw­let dra­ma teat­ry «Spek­tak­ly tä­ze dö­re­di­len saz­lar bi­len be­zän­di­gi üçin» hem-de «To­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan spek­takl üçin» at­ly ýö­ri­te baý­rak­la­ra my­na­syp bol­dy.

Ýe­ňi­ji­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň dip­lom­la­ry­dyr Hor­mat hat­la­ry hem-de Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Şeý­le hem dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gin­de aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nan teatr iş­gär­le­ri­ne hö­wes­len­di­ri­ji baý­rak­lar be­ril­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň