Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Üç gezek olimpiýa çempiony bolan Buwaýsar Saýtiýew 49 ýaşynda aradan çykdy

23:2502.03.2025
0
13282

Erkin göreş boýunça üç gezek olimpiýa çempiony bolan Buwaýsar Saýtiýew Moskwada 50 ýaşyna dokuz gün galanda aradan çykdy.

Şu gün ir bilen Saýtiýew özüni oňaýsyz duýup, kelle agyrysyndan zeýrenipdir we gowşaklyk duýýandygyny aýdypdyr. Ýagdaýy erbetleşen soň dessine tiz kömegi çagyrypdyrlar. Sagat 14 töweregi meşhur pälwany Moskwanyň hassahanasyna ýerleşdiripdirler, şol ýerde hem ol aradan çykypdyr.

Mash Telegram kanalynyň maglumatlaryna görä, türgeniň ölüminiň deslapky sebäbiniň ýiti zäherlenmäniň netijesinde ýüreginiň durmagy bolup biler. Habar berlişine görä, ozal Saýtiýewiň öýkeni bilen baglanyşykly käbir ýetmezçilikler bolupdyr. Ol agyryny ýeňilleşdirmek üçin güýçli täsir edýän dermanlary kabul edýän eken.

Russiýanyň Sport göreşi federasiýasynyň prezidenti Mihail Mamiaşwili TASS agentligine beren düşündirişinde türgeniň ölümi hakyndaky maglumaty tassyklady: «Mundan on minut öň maňa jaň edip, şeýle betbagtçylygyň bolandygyny habar berdiler. Bu meniň akylyma syganok. Biz ertir bile uçmalydyk».

Mälim bolşy ýaly, Buwaýsar Saýtiýew öz 50 ýaş ýubileýini maşgalasynyň arasynda bellemegi meýilleşdiripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň