Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşar

08:4601.03.2025
0
13377

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek halkara foruma gatnaşar. Bu barada goňşy ýurduň Lideriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda aýdylýar.

Özbek Lideri türkmen metbugatynda çap edilen hatynda:

— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi bu seneleriň çuňňur many-mazmunyny bütin dünýä aýan etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ajaýyp Aşgabat şäherinde şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli foruma gatnaşmaga Siziň çakylygyňyzy hoşallyk bilen kabul edýärin. Öňde boljak şanly seneler mynasybetli dabaralara gatnaşmak meniň üçin uly mertebedir. Şol forumda Türkmenistan tarapyndan öňe sürüljek ähli oňyn başlangyçlaryň, maslahata gatnaşyjylaryň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini, Durnukly ösüş maksatlaryny ara alyp maslahatlaşmaklarynyň, forumyň jemleýji resminamalarynyň özara ynanyşmak we raýdaşlyk ruhunyň berkidilmegine uly goşant boljakdygyna ynanýaryn — diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň