Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

14:4828.02.2025
0
20952

Türkmenistanyň Prezidenti «Euronews» teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygyny kabul etdi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny 31-nji marta çenli uzaltdy, Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýanyň Prezidentini halkara foruma çagyrdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi. «Euronews» telekompaniýasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany bu hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak hem-de syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

https://turkmenportal.com/blog/88406/prezident-turkmenistana-prinyal-predsedatelya-soveta-direktorov-euronews

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanyp, depginli ösýän habar beriş ulgamynyň giň köpçülige ýetirýän täsirini belläp, «Euronews» telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändiginitassyklady.

https://turkmenportal.com/blog/88404/gurbanguly-berdymuhamedov-obsudil-s-euronews-prioritety-sotrudnichestva

3. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Başlygy Pedro Wargas Dawidiň arasynda geçirilen duşuşykda «Euronews-iň» habarçylaryny Türkmenistanda akkreditasiýa etmegiň we soňlugy bilen Aşgabatda habarçylar nokadyny açmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar Türkmenistan bilen «Euronews»-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

https://turkmenportal.com/blog/88403/rassmotreny-vozmozhnosti-otkrytiya-korrespondentskogo-punkta-euronews-v-ashhabade

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa gatnawlarynyň togtadylmagyny 31-nji marta çenli uzaltdy. Awiakompaniýanyň metbugat gullugy awiabiletleriniň mejbury yzyna gaýtarylmagy üçin ýolagçylaryň satyn alnan ýerine ýüz tutmalydygyny habar berdi. Häzirki wagtda Moskwa bilen Aşgabat arasynda Russiýanyň «S7» awiakompaniýasynyň göni uçuşlarynyň dowam edýändigini ýatladýarys.

https://turkmenportal.com/blog/88426/aviakompaniya-turkmenistan-prodlila-priostanovku-poletov-v-moskvu-do-konca-marta

5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada ilçi Toýly Kömekow bilen Italiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kassezeniň arasynda geçirilen duşuşygyň netijelerine salgylanyp, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/88366/gurbanguly-berdymuhamedov-priglasil-prezidenta-italii-na-mezhdunarodnyi-forum

6. Aşgabatdaky iki sany innowasion lukmançylyk edarasy Germaniýanyň «Rat für Formgebung German Design Council» diýaýn geňeşi tarapyndan abraýly «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalara mynasyp boldular. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary üçin, şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin bu güwänama bilen sylaglandylar. 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi geçen ýylyň oktýabr aýynda açyldy. Iki desgany hem «GAP Inşaat» türk kompaniýasy gurdy.

https://turkmenportal.com/blog/88368/dva-medicinskih-centra-v-ashhabade-poluchili-prestizhnye-nemeckie-nagrady-v-oblasti-dizaina

Dünýäde

1. Türkiýeli režissýory Gökhan Ary «Goý, aýtsynlar» («Пусть говорят») gepleşiginiň 2013-nji ýylda iň köp tomaşa edilen bölümi boýunça film surata düşürip başlady. «Türk hüjümi» diýlip atlandyrylýan bölümiň sýužeti «Ýekeje umyt» («Одна надежда») atly çeper filmiň esasyny düzdi. Onda Antalýada awtoulag heläkçiliginde ejir çeken bir rus oglanjygy saklap, ajaýyp rehimdarlyk görkezen türk zenany Gülsümiň täsir galdyryjy hekaýasy beýan edilýär.

https://turkmenportal.com/blog/88420/tureckii-rezhisser-ekraniziruet-samyi-populyarnyi-vypusk-programmy-pust-govoryat

2. San-Paulunyň haýwanat bagynda Nur atly ak aýyjyk köpçülige görkezildi, ol Günorta Amerika yklymynda doglan ilkinji ak aýy çagasydyr. Aýyjyk 17-nji noýabrda doguldy we ilkinji günlerini enesi bilen ýörite döredilen emeli «aýy süreninde» geçirdi. Nuruň ene-atasy Russiýadan getirilen we on ýyl bäri Braziliýanyň haýwanat bagynda ýaşaýan Aurora we Piligrim atly ak aýylardyr.

https://turkmenportal.com/blog/88415/v-yuzhnoi-amerike-vpervye-rodilsya-belyi-medvezhonok

Sport täzelikleri

1. Türkmenistanda «Aýyň türgeni» atly täze taslama ýola goýulýar. Ilkinji ses berişlige gatnaşmak üçin Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty dürli ugurlar boýunça halkara ýaryşlarynda tapawutlanan ýedi türgeni hödürledi. 0518 belgisine ýörite sanly kod ibermek arkaly olaryň birine ses berip bilersiňiz. Dalaşgärleriň arasynda agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubow, dzýudoçy Maýsa Pardaýewa, küştçi Amanmuhammet Hommadow we beýlekiler bar. Iň köp SMS arkaly ses alan ýeňiji gymmat bahaly sowgatlar, Hormat haty bilen sylaglanar we ýörite telefilmiň gahrymany bolar.

https://turkmenportal.com/blog/88428/v-turkmenistane-startuet-smsgolosovanie-za-sportsmena-mesyaca

2. Halkara Olimpiýa komiteti häzirki prezident Tomas Bahyň işinden çekilmek hakynda arzasyny kanagatlandyrdy, ol şu hepde Ýerine ýetiriji geňeşe bu barada arzasyny tabşyrypdy. Bu karar 23-nji iýunda, ygtyýarlyklar guramanyň täze ýolbaşçysyna geçirilende güýje girer. Bah Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti wezipesini 2013-nji ýyldan bäri eýeläp gelýärdi we 2021-nji ýylda ikinji dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. 2024-nji ýylyň awgust aýynda germaniýaly hünärmen täze möhlete saýlanmak üçin dalaş etmejekdigini habar berdi. Halkara Olimpiýa komitetiniň täze prezidentiniň saýlawlary 20-nji martda geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/88386/tomas-bah-uhodit-s-posta-prezidenta-mok

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň