Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

27-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:3427.02.2025
0
22858

Türkmenistan Ärdogany Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna çagyrdy, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrlikleri 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler, ÝB-niň diplomatiýasynyň başlygy mart aýynda Aşgabat şäherine geler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy. Ankarada geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler.

https://turkmenportal.com/blog/88323/sostoyalas-vstrecha-predsedatelya-medzhlisa-turkmenistana-s-prezidentom-turcii

2. Saparyň dowamynda Gulmanowa Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen gepleşikler geçirdi, onuň dowamynda taraplar parlamentara dialogy ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türk tarapy Türkmenistanyň Mejlisine Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna agza bolmagy teklip etdi.

https://turkmenportal.com/blog/88370/turciya-predlozhila-turkmenistanu-vstupit-v-parlamentskuyu-assambleyu-tyurkoyazychnyh-stran

3. Şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherinde iş saparynda boldy. Onuň türk kärdeşi Ýusuf Tekin bilen geçiren duşuşygynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

https://turkmenportal.com/blog/88349/turkmenistan-i-turciya-rasshiryayut-sotrudnichestvo-v-sfere-obrazovaniya

4. Mundan başga-da, Aşgabatdaky Bilelikdäki türkmen-türk umumybilim berýän mekdebine ýer bölegini ýa-da döwrebap binany bermegiň meselesi maslahatlaşyldy.

https://turkmenportal.com/blog/88371/sovmestnoi-turkmenotureckoi-shkole-v-ashhabade-mogut-vydelit-novoe-zdanie

5. Mundan başga-da, Ankarada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew, türk wekiliýetine bolsa wise-prezident Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň oňyn ösüşini bellediler we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns çekildi.

https://turkmenportal.com/blog/88352/v-ankare-sostoyalos-8e-zasedanie-turkmenotureckoi-mezhpravkomissii

6. Medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň hormatyna «Anytkabyr» aramgähine gül goýmak çäresine gatnaşdy.

https://turkmenportal.com/blog/88361/turkmenskie-parlamentarii-vozlozhili-cvety-k-memorialu-pervogo-prezidenta-turcii

7. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew Bişkekde geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

https://turkmenportal.com/blog/88351/turkmenistan-i-kyrgyzstan-podpisali-programmu-sotrudnichestva-mezhdu-mid-na-20252026-gody

8. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Prezident Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary derejesini tassykladylar. Žaparow gyrgyz tarapynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen guralýan ýokary derejeli wekilçilikli çärelere gatnaşmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

https://turkmenportal.com/blog/88365/rashid-meredov-peredal-prezidentu-kyrgyzstana-priglashenie-na-ashhabadskii-forum

9. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we syýasy howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas «Ýewropa Bilelşigi — Merkezi Aziýa» formatyndaky ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin mart aýynda Aşgabada sapar bilen geler. Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 20-nji maslahaty 4-nji martda Aşgabatda geçiriler.

https://turkmenportal.com/blog/88348/glava-diplomatii-evrosoyuza-posetit-ashhabad

10. Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow bilen duşuşykda Gazagystanyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge we berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda taraplar 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň meýilnamasy boýunça hem pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Rejepow 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan resmi çakylyk hatyny gowşurdy.

https://turkmenportal.com/blog/88344/kazahstan-zainteresovan-v-rasshirenii-strategicheskogo-partnerstva-s-turkmenistanom

Dünýäde

1. Hytaýyň Binçžou şäheriniň ýaşaýjysy gijeki bazarda çagalar oýnuny oýnap, «Maserati» awtoulagyny utdy. Bu adam güýmenje üçin 280 dollar sarp etdi. Oýun gatnaşyjylardan halka zyňmagy we nyşanalara düşürmegi talap edýärdi. Diwarlykdaky esasy baýrak, takmynan, 235 000 dollar bahasy bolan «Maserati» awtoulagydy. Şeýle-de bolsa, awtoulagyň onuň hususy emlägine öwrülmejekdigi, oňa diňe bir ýyl kärendesine beriljekdigi mälim boldy.

https://turkmenportal.com/blog/88379/v-kitae-muzhchina-vyigral-maserati-v-detskoi-igre

2. Ispaniýanyň döwlet muzeýleri ýurduň Medeniýet ministrliginiň täze kararyna laýyklykda, sergi zallaryndan adam galyndylaryny çykarmak işine girişdiler. Resminama şeýle eksponatlara ahlak taýdan çemeleşmegiň we adam mertebesine hormat goýmagyň ähmiýetini nygtaýar. Medeniýet ministrliginiň berýän maglumatlaryna laýyklykda, Ispaniýanyň muzeýlerinde 15 müň töweregi adam galyndylary, şol sanda mumiýalar we süňk bölekleri saklanýar. Şeýle-de bolsa, olaryň köpüsi indi köpçülige görkezilmeýär, ýöne gözleg işleri üçin diňe ylmy işgärlere elýeterli bolan ammarlarda saklanýar.

https://turkmenportal.com/blog/88343/ispanskie-muzei-ubirayut-chelovecheskie-ostanki-iz-publichnyh-ekspozicii

Sport täzelikleri

1. Hokkeý boýunça Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy 28-nji fewraldan 6-njy mart aralygynda Bangkokda geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşar. Ýer eýelerinden başga-da, Bosniýanyň, Lýuksemburgyň, Özbegistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlary türkmen toparynyň bäsdeşleri bolar. Türkmenistanyň milli U-18 ýygyndysy ilkinji oýnuny 28-nji fewralda Lýuksemburga garşy geçirer, duşuşyk Taýlandyň Halkara hokkeý meýdançasynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 18:00-da başlar.

https://turkmenportal.com/blog/88378/yunosheskaya-sbornaya-turkmenistana-po-hokkeyu-startuet-na-chm-matchem-protiv-lyuksemburga

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň