Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky saglyk merkezleriniň ikisine täze halkara güwänamalar berildi

09:0727.02.2025
0
19878
Aşgabatdaky saglyk merkezleriniň ikisine täze halkara güwänamalar berildi
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

2024-nji ýylda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Aşgabatda açylan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Rat für Formgebung German Design Council» edarasy tarapyndan taslamalarynyň bezeg we binagärlik aýratynlyklary üçin, şeýle hem bu bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigi üçin «German Design Award Winner 2025» atly güwänamalar berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Bellenilişi ýaly, bu merkezlerde näsaglara edilýän ýokary hilli hyzmatlar we iş şertleri halkara talaplara laýyk gelýär, olarda ulanylýan lukmançylyk enjamlary bolsa ekologiýa taýdan howpsuzdyr.

Bu saglygy goraýyş desgalarynyň gurulmagy «GAP Inşaat Ýatirim we Diş Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy üçin uly üstünlik boldy: Aşgabat şäherinde gurlan bu merkezleriň taslamalary kompaniýa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherinde «Ajaýyp binagärlik», «Ajaýyparagatnaşyk dizaýny», «Önümiň ajaýyp dizaýny» ýaly ugurlar boýunça «Rat für Formgebung German Design Council» german edarasy tarapyndan geçirilen bäsleşige gatnaşyp, onda ýeňiji bolmaga kömek etdi.

«Rat für Formgebung German Design Council» german edarasy tarapyndan bu bäsleşigiň Germaniýanyň Federal Hökümetiniň goldaw bermeginde Frankfurt şäherinde her ýyl geçirilýändigini aýtmak gerek.

Belläp geçsek, Aşgabatdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezine geçen ýylyň oktýabr aýynda bolan açylyş dabaralarynda hem halkara güwänamalardyr degişli nyşanlar gowşurylypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň