Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň işi boýunça maslahat geçirildi

10:3806.03.2025
0
11736

5-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi.

Onuň barşynda çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, gün tertibi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler, merkezde döredilen mümkinçilikler, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy.

Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar. Şoňa görä, maslahatda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler boýunça özara pikir alyşmalar boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory häzirki wagtda lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, çagalaryň sazlaşykly ösüşine, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti häzirki döwürde sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyna ünsi çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagyna we bejeriş binasyna hem baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň