Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi

23:4505.05.2025
0
19259

Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.

TDH-niň habar berşi ýaly, bu çäre 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň hormatyna we bu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Türkmen wekilleriniň, BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçysy doktor Hans Klýügäniň, BSGG-niň bölüm ýolbaşçylarynyň, şeýle hem sanly ulgam arkaly göni aragatanşykda BSGG-ä agza bolan dürli döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaçylarynyň we hünärmenler düzüminiň gatnaşmagynda bu çäre ýokary guramaçylykly derejesinde geçirildi. Onuň açylyş dabarasyna gatnaşan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor H.Klýuge tejribe alyşmaga döredilen şular ýaly mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine öz adyndan we guramasynyň wekilleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Çäräniň meýilnamasynyň çäklerinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, derman serişdelerine gözegçilik etmek we olary hasaba almak işleri, keselleriň öňüni alyş sanjymlar bilen ilaty doly gurşap almakda we ilatyň saglygy ugrunda sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler hem-de ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň gününiň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda wekilçilikli toparyň ýolbaşçysy bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň direktory doktor Hans Klýugäniň arasynda geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň ýolbaşçylary we bölüm müdirleri bilelikde «tegelek stol» görnüşindäki maslahata-da gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde 30 ýylyň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan üstünlikleri we ýeten sepgitleri beýan edildi.

Maslahatyň barşynda 2025-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly geçiriljek halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň, bu sebitiň ýurtlarynyň Saglygy goraýyş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçirmek baradaky, bu maslahata taýýarlyk görlüşi hem-de onuň gün tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ýerde Türkmenistanyň saglygy goraýşynda we derman senagatynda 30 ýylyň dowamynda ýetilen üstünliklere we sepgitlere bagyşlanyp surat sergisi hem guraldy we şekilli görnüşler görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň