2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda "Lukmançylyk ylmynyň we biliminiň innowasion ösüşleri" atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu çäre Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan guralyp geçirilýär.
Maslahatyň işine Hytaý, Germaniýa, Russiýa, Türkiýe, Özbegistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Hindistan, Koreýa we Türkmenistandan öňdebaryjy hünärmenler gatnaşýarlar.
Maslahatyň birinji gününde dabaraly açylyş we umumy mejlis geçirilip, onda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa gatnaşyjylara ýüzlenme bilen çykyş etdi. Şeýle-de, öňdebaryjy daşary ýurtly hünärmenler häzirki zaman lukmançylygyň derwaýys meseleleri boýunça nutuklar bilen çykyş etdiler.
Maslahatyň işi dört bölümde guralandyr: "Ýokanç däl keselleri anyklamakda we bejermekde täze tehnologiýalar", "Innowasion tehnologiýalar – lukmançylyk ylmynyň ösüşiniň kepilidir", "Täze derman we tebigy serişdeleri öndürmegiň ylmy esaslary" we "Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde täze tehnologiýalaryň orny".
Maslahatyň maksatnamasyna daşary ýurtly belli hünärmenleriň ussatlyk sapaklary we medeni çäreler hem girizildi. 17-nji aprelde maslahatyň işi bölümlerde dowam eder we dabaraly ýapylyş bilen tamamlanar.