Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň binýadynda ministrligiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutyny bellenen tertipde döretmek, şeýle hem institutyň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň nobatdaky mejlisinde degişli Karara gol çekdi we sanly ulgam arkaly ony wise-premýer T.Atahallyýewe iberip, degişli tabşyryklary berdi.
Karar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurtda maldarçylyk we guşçulyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek, weterinariýa barlaglarynyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, öri meýdanlary rejeli peýdalanmak boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň, gaýtadan işlenişiniň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.