Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň çar künjeginde, paýtagtyň iň gowy konsert meýdançalarynda we welaýatlarda aýdym-saz dabaralar geçirilýär. Bu barada TDH habar berdi.
Bahar günlerinde ähli ýerlerde gelin-gyzlaryň adyna mähirli arzuwlar we gutlaglar aýdylýar.
Çeper döredijilikde zenanyň keşbi esasy orny eýeleýär. Magtymgulynyň, Mollanepesiň we beýleki köp sanly türkmen nusgawy şahyrlarynyň şygyrlarynda gelin-gyzlaryň waspy öz beýanyny tapýar. Ene ýüregi, ene dogasynyň gudratly güýji hakynda döredilen tymsallar bolsa türkmen halkynyň enelere keramatly ynsan hökmünde aýratyn hormat goýýandygyny, mertebesini belentde tutýandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde ýurduň zenanlarynyň ruhy, aň-paýhas mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmekde, milli gymmatlyklary gorap saklamakda, sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemekde barha işjeň ulanylýar.
Milli däp-dessurlar zenanlaryň giň dünýägaraýşy, tutanýerliligi we işewürlik başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Täze taryhy döwrüň binýadyny berkitmäge goşant goşýan zähmetsöýer zenanlar döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.
Türkmen zenanlary asyrlaryň dowamynda haly dokamak, keçe basmak, keşdeçilik sungatyny dowam etdirip gelipdirler. Olarda zenanlara mahsus çeperçilik, zehin, ukyp-başarnyklar öz beýanyny tapýar. Çeper elli gelin-gyzlaryň yhlasyndan döreýän bu meşhur sungat eserleri gözelligi bilen göreni haýrana goýýar
Häzirki wagtda ýurduň zenanlary işine jogapkärçilikli çemeleşýän, başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçylardyr, alymlardyr, mugallymlardyr hem-de lukmanlardyr, deputatlardyr we diplomatlardyr.
Asylly däbe görä, baýramçylygyň öňüsyrasynda ähli zenanlara — edara-kärhanalaryň işgärlerine, hormatly dynç alyşdaky enelere, mekdep okuwçylaryna, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.