Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sekiz çagany dünýä indiren eneleriň 253-sine «Ene mähri» diýen hormatly at berildi

11:3308.03.2025
0
16014
Türkmenistanda sekiz çagany dünýä indiren eneleriň 253-sine «Ene mähri» diýen hormatly at berildi
Surat: Türkmenistan: Altyn Asyr

Halkara zenanlar güni mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren eneleriň jemi 253-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy.

7-nji martda Aşgabatda, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde olara «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, dabara gatnaşyjylar türkmen döwletinde giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuşda ýaşamaga amatly şertleriň döredilýändigi, jemgyýetde belent ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň aýawly saklanylmagy, ýaş nesilleriň geljegi baradaky aladalary üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýurduň ähli zenanlarynyň adyndan çuňňur hoşallyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň